Çyrçykly çaga

Ýurduň abat bolmagyny islese,
ýa göreşýän bolsa milleti üçin,
garyp-gasar üçin, ezilýän, ölýän,
adam seniň işlemegiň islärdi,
islärdi ýazmagyň arman, ýadaman,
ýazyp bilýän adamlaryň azlygy,
ýa-da ýazmak isleýäniň kepenin
gara başa çolap, otuz ýyl bäri,
dürtülse-de garagyna ýoklugy,
gytçylygy bugdaý sözüň, çörek däl,
şükür, soramaly bolmanyň ondan,
obadaşym diýip, ildeşim diýip,
eliňi sowatjak bolmazdy işden,
ýazýan bolsaň, ýazmagyňy islärdi,
ýanýan bolsaň, ýanmagyňy islärdi,
ýa-da ýazyp görkezerdi has gowy,
ýa-da ýanyp görkezerdi has gowy,
ýagtyldardy gara, soňsuz gijäni,
islemezdi durmagyňy, garalap,
durar ýaly etjek bolmazdy bolman,
ýurduň abat bolmagyny isleýän,
aslyşmazdy bahyllykdan aýňalman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024