Obadaş
Köpbilmiş obadaş, dözmän halyna,
ýat illerde salam-helik alyşsaň,
jaň etse, çydasaň iki, üç sagat,
diňleseň derdini, adamdyr diýip,
pikir eder: samsyk, aldaryn aňsat,
jaý saldyrýan diýer, birem däl, iki,
ogullaryň alsyn puluny töläp,
aýlyklary gowy, banka barsalar
bererler bahasyn, goňşy ülkede,
özlerine gerek bolmasa eger,
soň satarlar, gymmat bolar bir ýyldan,
pul ýasarlar puly bilen döwletiň,
ýok, gerek däl, bes et diýseň sypaýy,
düşünmez ol, çaga ýaly aslyşar,
emme diýip, ejesinden aslyşan,
a soň duşman bolar, gazaba münüp,
diýeni bolmadyk, gorkuzjak, bozjak,
bagyşla diýdirjek, bisowat pahyr,
ol eýle, bu beýle, töhmetjik atar,
emma anyk tutup bilmez adyňy,
çörek iýýäň ýeriň garalar bilmän,
her öňýeten gaçyrjakmyş badyňy.