Hudaýy gorkuzan adamlar
Hudaý görýär ähli zady diýýärler,
jezasy bar hatda erbet hyýalyň,
getirme hiç haçan küýüňe kümsük
pikirleri, gaýtmyşym et getirseň,
diiýärdiler ýene, walla, kän zady,
a biz oglan, ynanýardyk ulular,
ene-ata bir zat diýse ýürekden,
emma adam adamlardan bukulyp,
ýa bukulman, çykyp iliň öňüne,
ogurlaýar doýdum-doldumy bilmän,
hudaý, meger, garaňkyrap gözleri,
giden ýaly galman kinoň soňuna,
gaçýar iki elde sermäp diwary,
meger, şundan dinsiz bolýar okuwsyz,
ýa-da kitap baryn ýat tutan kary...