Dostoýewski ertekisi

Anna Ahmatowanyň äheňinde


Dogry, sen adamy öldürseň çapyp,
talap almak üçin iki şaýysyn,
ýigrenç üçin içiňdäki, jylawsyz,
süýthora däl, senden sähel eli giň,
belki-de özüňe, ruhy göýdük,
adam ysyň bolsa, toba etmeli,
Fýodor aganyň isleýşi ýaly,
a biz ýaşdyk, beýik eser diýseler,
"Jenaýat we jeza” uýýardyk, haka,
taňra uýan ýaly, emma adamy
on müň, ýüz müň edip açlykdan asýan,
basýan gara zyndanlaryň teýine,
öldürýän ýa bosgun edýän öz ilin,
ýumurýan öýüni özgäniň baryp,
depeleýän adamlary başarsa,
neden beýle toba etmeýär diýen,
tersine, guwanýar ursa, zorlasa,
neden beýle köplük bir-birin iýen
diýen sorag gelmeýärdi hiç dile,
bize berlen bilim, sapak boşmudy,
ýa kast etmek göre-bile?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024