Ylham dermany
Eger ylham gijä galsa, eglense,
iki gün däl, iki hepde gelmese,
ýa boşasa beýniň, ýüregiň birden,
tämiz bolsa bilbil ketegi ýaly,
biparh bolsaň bolan, boljak zatlara,
maňa näme diýseň ýykylsa asman,
ýazmasaň hiç setir, sözlem öňüňde
gije-gündiz açyk galan depdere,
git sen tur-da gowularyň içine,
ýa-da aýlan erbetleriň ýygnanýan,
gybat edýän kafesine agşamlyk,
olar saňa berer bir tonna begenç,
iki tonna gynanç berer ýanmaga,
ýeter ýaly iki aýlap dyngysyz,
eger ylham gijä galsa, gyssanma,
diňle erbetleri dişiňi gysyp.