Arzan ömür
Belki, dünýä iki geljek adamlar,
birinjisin berýär ezene aňsat,
eli açyk, jomart bolup, aşyk dek
sülsün diýip meni islän ugruna,
tans etdirsin, bag ekdirsin, islese
dynç günüm däl, ogurlasyn ýaşlygym,
gojalygym, çagalygyn çagamyň,
sebäbi ýok häzir başga alajym,
onuň eli meniň bokurdagymda,
aýdyşy dek Keminäniň ajaýyp,
iýmesem, içmesem hiç günüm ötmez,
ikinjide, ölüp, dirilip gelsem,
bolaryn men has akylly, bilimli,
ýa-da olar öňem bir gezek gelip,
kän çekipdir arzuw, hyýal çilimni.