Gowy adam
Gowy adam gitdigiçe azalýar,
aýaň diýdi biri her günde meni,
gaýrat edip, bermän kemsitjeklere,
ezjeklere, boýun bolsam, çydasam,
bu, belki-de, başgalardan öňürti,
başga işi taşlap, etmeli işiň,
başlyk bolup öz-özüňe, başga däl,
boýun al sen gowy bolup bilmeseň,
ýa-da gowulygyň aldyrsaň elden,
ýüregiňden, aldanaňda her gezek,
gowy dälde gowy görüp, ynanyp,
güneş gören gar dek eräp hoş söze,
men nähili sada diýip gynanyp,
soň utanyp gezmez ýaly, talansaň,
ömrüň geçse umyt bilen arzuwda,
iň soňunda arzuw edip jenneti,
samsyklygyň, aýdylşy dek gadymda,
ýadyňa sal iň bolmanda aýda bir,
çünki gowy bolsaň, goranmak müşgül,
içden gulplap, oturmasaň jaýda bir.