Çydap bilseň
Seni sende ýok etjekler
basar aşak, çeker aşak,
azdan, känden, ynamyňy,
umydyňy üzer ýaly,
alladan däl, soňky direg,
dostlaryňdan, doganyňdan,
obaňdan däl, iliňden däl,
öz-özüňden, okap nätjek,
bilip nätjek diýip gülüp,
kime aýtjak bilýäniňi,
ýok ahyry diňlejekler,
ýa-da ýazsaň, okajak ýok,
düşünjek ýok okasa-da,
il gutardy diýen bolup,
goltugyňa garpyz salman,
içi düşen gawun salyp,
seni sende ýok etjekler,
KGB-niň hüjresinde,
dowul salyp ýüregiňe,
ýa iş berip kabinetde,
ýaz diýlenin ýazar ýaly,
çyz diýlenin çyzar ýaly,
basar aşak, çeker aşak,
ýok etjek kän özüň bolsaň,
çydap bilseň, uzak ýaşa!