Mesele
Ony muňa küşgürmek däl wezipe,
gep bermek däl adamlara gönüläp,
ýa aşakdan, gyzdyrmak däl mesele,
gazaba çykarmak, ýalňyşar ýaly,
oýunjak däl hiç adamyň ykbaly,
düwün salmak, çigişdirmek, tersine
çekmek däl ol, dogry ýoly gözlemek,
gahar etmän, sowukganly, parahat,
mesele düşürmek çişen ýüregi,
açmak gözi, eger gapylan bolsa,
ýa oýarmak ukusyndan gaflatyň,
köşeşdirmek adamlary, belki-de,
hemem düşündirmek derdini iliň,
näme sebäp bolýar pakyra, baýa,
näme üçin bolýar ýaşaýyş zaýa,
ömür atly, pyýada il yzynda,
bir asyr däl, ýetip bilmän nalaýar,
näme üçin gapma-garşy durmuşy
döredýänler gynanmaýar köplüge,
mesele däl uruşdyrmak milleti,
hem öwrülmek arasynda süplüge.