Sessiziň sesi
Işi ýokmy ýa-da seniň işleriň,
edeniň, etjegiň, edip biljegiň,
ýazanyň, ýazjagyň goýýar işinden,
ondan, mundan şyltak atýar ildeşiň,
öz deňine çenli düşürip aşak,
nätsin adam, ulaltmaýar özünden,
hem özünden aşak düşürip bilmez,
pikir edýäň, şeýle mesele kän-ä,
il-ulusyň derdi agdyk başyndan,
çagalary zat tapanok okara,
ýa görere, ýa diňläre, derekli,
manyly zat, mantykly zat gyt boldy,
ýa baglangy, gulp asylan köp ýere,
zibil boldy aýdym-sazy milletiň,
ata-baba gulak posun açyjy
bagşy, ozan zaýalaýar howany,
interneti basyp boşlugyň sili,
hökümete gerek, ezilýän ili
garaňkyda saklap bilse näçä kän,
bir-birine salmak, it urşan ýaly,
horaz urşan ýaly, harytsyz dükän,
siňe baksaň pul däl, humara goýlan
geljegi, belki, gapyl galanyň,
ýadaýarsyň, zyňyp çöpe galamyň,
goýaýyn diýýärsiň bu işi, besdir,
emma ýene ýada düşýär obalar,
içjek suwy, iýjek nany hal bolan,
diýmek, mantyk geplemeli entejik,
barka, känkä obasynda lal bolan.