Ertekiniň beýle tarapy
Eger adam öwýän bolsa özüni,
bäri-bärde, ýerde, gökde goýmasa,
wezipeli, wezipesiz, parhy ýok,
garyp bolsa, ýa öwdürse hakyna,
orny bolup, gowy ýerde oturyp,
hiç goýmasa adamlary gününe,
men o ýylda ony etdim, bu boldum,
aýdylmaýan ýeri bardyr ertekiň,
ýapylmaly aýyp bardyr adamda,
utanç bardyr, ýüz gyzdyrjak, aýdylsa,
eger adam öwýän bolsa özüni,
gorky bardyr, birden yza gaýdylsa.