Iň uly hassa
O birisi urýan bolsa aýalyn,
öz öýünde, ýa daşarda, göz edip,
ýüzün alsa, azgyrylsa, çagasy
gara gorky bilen ulalsa, össe,
saňa näme, ogly, gyzy, aýaly,
beýlekiler kabul etse,
adamlar
biri-birin sylamasa, ýigrense,
ýa-da ýalan ýaşasalar ýylgyryp,
aglamaly ýerde ýasama gülüp,
aýlanyp geç, araňy aç, beýle däl,
aýalyny urýan sowulmaz ölüp,
çagalary galar yzynda onuň,
ertir ýolda ýoldaş, obadaş bolup,
bir, iki däl ezilýänler öýünde,
ýa okuwda, ýa gullukda, işinde,
bolar olar kärdeşleriň, ildeşiň,
belki, biri ýaryň bolar ömürlik,
ýa-da ýary başga birniň, ýazylsa,
çagasy bor, dowam eder dowamat,
ýurt başyna geçer biri hassanyň,
urjak seni, başgalary, kakasy
ejesini uran bolsa nähili,
gözi gorkan busar, göýdüger beter,
agzyn açyp bilmän, bükülip bili.
O birisi urýan bolsa aýalyn,
o birisi urýan bolsa çagany,
esgerleri ezýän bolsa serkerde,
emel ýeten bolsa eziji, zalym,
kanun çykaryjy işlesin näçe,
gowy bolar diýip durmuşyň hili,
bejermese özün iň uly hassa,
halas etjek az bor ezilen ili.