Kim oýnamaz?
Halkyň özi gurjak bolsa,
tahýa geýip, dyzanaklap,
bogsa biri turjak bolsa,
gyrmyzdonly ýa çabytly,
ýagyş, garda durjak bolsa,
ýa gyzyl, ak ketenili,
bezenip gel aladaňdan,
dikilgazyk, çaý-suw içmän,
galgat diýseň akja eliň,
ýok diýeni urjak bolsa,
kim oýnamaz oklap, gapyp,
arasynda gaty depip,
aç halyňa, altmyş ýaşap,
oýnap berseň tohum sepip?..