Kiçi adam
Adam näçe kiçi bolsa,
ownuk bolsa, irimçik däl,
uly biler özün şonça,
ynanar ol galdyrýana,
gop berýäne, gep berýäne,
pikir etmän ol sözleriň
çykarjagyn nireden soň,
adam näçe egsik bolsa,
eseler kän, peselseň sen.
Adam näçe samsyk bolsa,
akyllydyr öýder özün,
oýna ony lider diýip,
diý edenli, beýik, batyr,
deňi, taýy tapylmajak,
düşünjeli, umman ýaly,
gözýetimi ýetýär dünýä,
bir gezek däl, sekiz gezek,
eger göge ýumruk salsa,
geler onuň döwülesi.
adam näçe tentek bolsa,
şonça geler öwülesi.