Ogurlanan çagalyk
Hökümetiň ogry bolsa,
öňki, soňky, gelejekde,
ile bolsa, saňa bolar,
geçinersiň iller ýaly,
susup, alla bardyr diýip,
ýoksulllara meniň ýaly,
ýetişer, hak ýardyr diýip,
umyt bilen, ýetde-gütde,
ýöne içde galan dertler,
kemsinmeler, gözden giren,
ýa oýunjak, ýa-da tigir,
diýip bilmän diýjegiňi,
iýip bilmän iýjegiňi,
geýip bilmän geýjegiňi,
oglanlykdan galan çöküp,
isleg, arzuw, ýetilmedik
geçer ogla, geçer gyza,
hem içinde agtyklaryň
ýaşajak bor çöküp dyza.