Aýylganç açyş

Mihail Žwaneskiniň äheňinde

Başda mamla boldy başyn gutaran,
çykyp giden, gaçan yzyn garaman,
a soň mamla boldy galan az salym,
ýogalmadyk ýa ýatmasa ýaraman,
soň gidenler mamla boldy has uzak,
galanlaryň bary gitmek isledi,
ýollar açyk bolsa, gowşasa duzak,
soň ýene az mamla boldy galanlar,
gelesi gelýänler bilmänsoň gelip,
yzynda galanlar garaşyp ölüp,
hasssa bolup, ýat illerde hary-zar,
del toprakda depin bolan köpelip,
ýöne ýene mamla bolýar gidenler,
açlyk, kesel ýakasyny tanadýar,
hajy bolýar ähli sütem edenler,
adamyň däl, allaň sylagy gaçdy,
döwleti eýelän samsyk diýýärler,
a ol alym çykyp, dünýäni açdy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024