Şükür et
Sen özüne öz şaýysyn,
gazanjyny dözmeýän hiç,
garaköseň ýaşaýana,
ir dogulsyn, ýa gelsin giç,
pully bolsun, ýa-da pulsuz,
gedaý bolsa, ruhy aç,
göwni gallaç geçer gallaç,
üstesine bahyl bendä,
eger-eger ömrüň dözme,
goşgy ýazma okar diýip,
ýa okasa biler, aňlar
näme üçin ýazdyň, ýandyň,
düşüner ol, dogry, diňe
öz gözünden görenine,
beren däldir, belki, taňry,
şükür et sen berenine.