Jähennem ýoly

Halk hudaýa ynanmasa,
ynanmasa taňra asla,
ýaradana, näme üçin
gelenine ýagty dünýä,
ynanmasa hasaba ol,
bolýar, hudaý ertekimiş,
ýagşy-ýaman, irde, giçde
berilmeli, bilinmeli,
gaýtarmaly alanyňy,
sanap berip kirpik, saçyň,
doglan ölýär, bakylyk ýok,
ynanmasa mantyga il,
ýa mantyny edinse täç,
oýun etse alla bilen,
oýun etse kanun bilen,
bir-birekden gorajak täk,
bolan bolsa ynanýandan,
bolan bolsa imanly, päk,
hakykatda gowulyk ýok,
aladamly, talamaly,
ýa ezmeli diýse içden,
diýse ýalan galan gürrüň,
çekinmez ol allasyndan,
bendesinden heder eder,
özi ýaly, hudaýy ýok,
iki ýüzlä bolar ýapja,
ýalan sözlär, bilýän zadyn,
görýän zadyn aýdyp bilmez,
jähenneme giden millet,
aňsat yza gaýdyp bilmez.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024