Tiredeşler

O bir bende, aramyzda ýok indi,
gürrüň etseň gürrüň, gybata meňzeş,
kän gowudy, deňeşdirseň, aglaba
ýagşylygyn gaýgyrmazdy adamdan,
tanasyn ýa tanamasyn, başarsa,
gylygydy, kömek etjek bolardy,
arasynda sebitdeşin has gowy,
has ýakyndan goldamakdy islegi,
belki-de bu gowşak ýeri, pahyryň,
ahyrynda özümiňki diýeni,
elinden çekeni mätäç mahaly,
aýagy ýer tutup, depdi ýüzüne,
ýykyldy ol, garaşmandy, entedi,
galyp bilmän gitdi, hyrçyny dişläp,
goltugymda saklapdyryn ýylany,
tirsegimi gemirýärin, peýda ýok,
giç tanadym diýip, soňky deminde,
o bir bende, aramyzda ýok indi,
özümiňki, tiredeşim diýeni,
unudyp kän duz-çöregin iýenin,
bir, iki däl, sebitdeşi ejizlän,
adyn tutup, hapa zyňýar gabryna,
alla, taňry, näme etdiň bu halka,
näme boldy munuň sylag, sabryna?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024