Aglaba köplük
Pikir eden pikir eder:
pikir edýär başgalar-da,
edýär ýurduň aladasyn,
galmaz ýaly aşagynda,
derdi barha agyrlaşyp,
emma pikir etmeýänler
pikir etmez bu barada,
ýa-da sorar: näme üçin
goçak-çoçak adam barka,
okan barka okuw baryn,
men etmeli pikir diýer,
az-uşak däl, köplük, süri,
mydam özün mamla duýar,
pikir edip, urulýany
iň samsygyň biri saýar.