Eziji we ezilýän

Ezijiniň bähbidi bar,
ezilýäniň bähbidi bar...

Ezijiler islemezler
ezilýäniň okanyny,
ösenini aň-üşügiň,
ezilýänler islemezler
ezilmegin çagasynyň,
özleri dek, ömür boýy,
okadasy geler neslin,
ösdüresi geler biraz,
çykarasy geler gara
görgüsinden güzeranyň,
ezijiler islemezler
ezilýäniň çagasynyň
garny doýup, gözleriniň
ýitelmegin öňküsinden,
ezilýäniň ogluny däl,
agtygynam ezmek üçin
eder yhlas gije-gündiz,
dine iter, iter keýpe,
şerap, neşe, bor-bolgusyz
aýdym-saza, boş gürrüňe,
kinolara iter, ömrün
bersin diýip ezilýänler,
göreşe däl, ham-hyýalda,
jennet görüp düýşlerinde,
geçsin diýip azarsyz kän,
satyn alar olar arzan
mollalary, mollumlary,
jäjek berer oýnar ýaly,
orden berer şahyrlara,
bökjekleýän ezijiniň
tüýdügine köpeldikçe,
ezilýänler eziler kän,
depesinden düşmän ökje..

Ezijiniň bähbidi bar,
ezilýäniň bahbidi bar,
eger olar bähbitlerin
goramasa näme bolar?
Ikisi-de gowy bilýär,
jogap mydam aýdyň, açyk:
asgyn gelen aç-hor ölýär.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024