Ölen türkmen
Öňem birniň aýdyşy dek,
bize görä okuwlyrak,
akyllyrak bize görä,
köpi gören, köpbilmiş däl,
aýdyp giden: hakykaty,
öl süpürgiç zyňan ýaly,
başga birniň ýüzüne bet,
batyr bolan bolup ýalan,
zyňma-da ber, äberen dek,
gözel gyzyň çabydyny,
iliň, bilýän bolsaň bilýäň,
göterjek ýok tabydyny,
sen owganly bolan bolma,
sen eýranly bolan bolma,
bolan bolma yrakly-da,
ýa türkleşen türkiýeli,
siriýaly, araplaşan,
ruslaşan, aýyp bilip,
kaka diýmän, papa diýýän,
eger özüň türkmen bolsaň,
ilim diýýän bolsaň çyndan,
maňa daşdan azgyrylma,
ýa ýakyndan, salamlaşsam,
pikir etme, ýa garaşma,
sanaşaryn seniň bilen,
nämä gerek maňa ölmän,
ölenlerden beter ölen?