Ýalňyşlyk
Sen ýalňyşma, bir adam däl duşmanyň,
bir maşgala, ýa-da iki maşgala,
bir taýpa däl, bir tire däl, millet däl,
nebit-gazyň gözbaşynda oturan,
köplük olar, çar ýanynda watanyň,
hem daşarda, ýat illerde, garaşyp,
wagty gelse urjak, itjek arkaňdan,
düşün, olar duşman boljak bolmady,
aljak boldy diňe ýetdik paýyny,
sen ýalňyşdyň, ilim diýip ýok ile,
sana indi diňe günüň, aýyňy...