Gürleňgüjük hekaýasy
Özi öz-özüne gerek däl halka,
adam hukuklary, azatlyklary,
mertbesi hakda gürrüň bereňde,
içiňden bir agy, gülki gelmese,
saňa samsyk, däli, dönük diýýänden,
eger-eger, hiç bir zady geň görme,
ýa-da ýazýan bolsaň ýazýan gazalyň,
gürleňgüjük ýaly özün gömenler,
okar diýip bir gün, ýa-da okasa,
düşüner, üýşener özünden hemem
sereder sagyna, soluna diýseň,
ýa-da umyt etseň, boldugyň batan,
Garagumyň gumunda däl, şorunda,
hem boldugyň batan bilen nas atan.