Ejizlik
Mert özünden görmelimiş,
namart bolsaň, ýoldaşyňdan,
eger bolsaň güýçli, dana,
hem nägile durmuşyňdan,
durmuşyndan bütin iliň,
emma ýeke galsaň ýolda,
millet tesse diýip: Alla,
şükür edip aç-hor halda,
gybat etse işe derek,
ýene ilden görmeli däl,
igenmeli özüňe sen,
ýazgarmaly özüň ilki,
özgäni däl, şagal, tilki,
arslan bolup oýnasa-da,
eger beýle bolmaň diýseň,
at dakdygyň bolar ile,
namart borsuň, ölseň hatda,
diýer millet: gurýar hile.