Mansur ýaly asylsaň...
Sen ýurdumda akylly, adalaty goldaýan,
öňden görýän, dogry sözli adamlar,
ýa düşünýän bolup geçýän zatlara,
gahar edýän deňsizlige, ýalana
döwlet TW-sinden dökülýän günde,
ýokdur diýip pikir etme, gynanma,
türmä düşüp, bagtyň çüwüp boşasaň,
kän görersiň akyllyny, batyry,
öňden görýän, belki, çydap bilmeýän,
kanun işlemese, nakyl, akylyn,
paýhasyny paýlaşmaga taýynlar,
hemem, dogry, birazajyk haýynlar,
içi gülýän, Mansur ýaly asylsaň,
öldürilseň has begenjek, sözleri
satyp duran çykýan ýerin, eýesin,
hiç parhy ýok gahar etsin döwlete,
ýa bitarap adamlara käýesin...