Esasy mesele
Esasy mesele tälim diýýärler,
terbiýe diýýärler özen mesele,
göreldesi gerek iliň, ulusyň,
gyzy bolar enä görä diýýärler,
ogly bolar ata görä diýýärler,
okuwçylar bolar molluma görä,
mürit bolar pire görä diýýärler,
dogry, bolar käte kadadan çykma,
düzüw enäň bolar düzüw däl gyzy,
düzüw ataň bolar düzüw däl ogly,
düzüw däliň düzüw ogly ýa gyzy
bolup biler, ýöne düzüw bolmasa
ozal ene, soňra ata, agalar,
aýal dogan, ini, uýa, töwerek,
dolandyrýan iň ullakan türmesin,
taýagyny tutup ýüzüne perde,
aşakdaky bolsa özüne haýyn,
hudaý, alla diýen bolup her ýerde,
iş ýüzünde bolup hudaýdan uzak,
hakykatdan uzak, Ýer bilen Günüň
uzaklygy ýaly biri-birinden,
garaşma sen gowulyga müritden,
sapak alan çüýrükligiň pirinden.