Alynmadyk ar
Eger pikir bolsa başda,
aýak alyp gider ýola,
eliň tapar taýak, demir,
direnmäge, goranmaga,
dil bilersiň soranmaga,
öwrenersiň bilmedigiň,
keseki, ýat dostdan gowy,
palaw saýan özün, ýöne
çorbaö çorbasynyň suwy,
ýok, niýetiň bolmasa hiç,
oturarsyň çykman öýden,
talar, çapar kürsi alyp,
düýn tirkeşen oglanlaryň,
garaşarsyň alla gelip,
alar diýip, belki, arym.