Adam we ýol
Ýoluň sagy akyr-ukur,
ýoluň soly akyr-ukur,
sagdan gelýän zyňyp geçýär,
soldan gelýän zyňyp geçýär,
kän däl, emma ýetýär kirli,
köýnegi däl, ýürek-bagry,
dogry, okan, diplom alan,
ýa işleýär gowy ýerde,
aýlygy bar, gurlan döwlet
ýykylmaýar, saklanyp dur,
pyýada däl, maşyny bar,
ýa kakasy pully biraz,
ýa ejesi pully biraz,
kola içýär, içýär piwo,
çipsi iýýär arasynda,
ýa-da çilim çeken bolýar,
zyňyp gidip galyndysyn,
görýän ýok dek, çola ýolda,
başgany däl, özün aldap,
emma, şükür, ýygnaýan bar,
dogry, işi gowy däl oň,
ýok aýlygy, aýnar ýaly,
emma işin etmese ol,
beter boljak ýoluň haly,
beter boljak iliň haly,
adam galman adam ýaly.