Beden we beýni
Beden bolsa hasssa eger,
beýni bilen bejeriler,
em gözlener her bir derde,
gatan awy, zäher bolup,
çigşen düwün erediler,
ýapman üstün düşäp haly,
özenine ýetiler oň,
jerhet bolup akar ýaly;
beýni hassa bolsa eger,
beden nirde, ýara nirde,
ýalan sözler göge galyp,
başga ýana serediler,
hem ediler başga gürrüň,
başga boşuň gykylygy,
ýaşar her kim içden, daşdan
atan bolup sykylygy.