Durmuş – uruş
Durmuş saňa gül düşegi,
bally küýze däldir, oglan,
zäherdir ol käse doly,
içirerler günde çaý dek,
ýa çal ýaly, owurtladyp,
teşneligiň gandyrmaly;
uruşdyr ol, çar tarapdan
çozup gelýän ýaraglylar,
ýaragsyzlar, görseň, bilseň,
gowy bolsaň, bolsaň sada,
ýok ederler, arzan ölseň,
gerek bolsa düşek, ýassyk,
ýa bir kilim, ýazylmasaň,
özüň kepje, özüň gabyr,
çukur bolup gazylmasaň,
galmalysyň, ýatmaly däl,
durmalysyň özüň üçin,
görjek bolsaň, gözüň üçin,
aýtjak bolsaň, sözüň üçin,
sylamaz ol yza tesseň,
durmuş saňa aldyr, oglan,
hiledir ol durşy bilen,
biler muny azda-kände,
aýtmasa-da her bir gelen.