Sen goşgy ýaz
Sen owadan goşgy ýaz,
ýa surat çek owadan,
dolan Aýa, güneşiň
nurlaryna batyryp,
çotgaňy däl, ýüregiň,
göwnüň bilen çek ony,
güllerini zeminiň,
ýolup däl-de, gujaklap,
gözüň bilen, çeşmeler
aksyn syrlap, saz edip,
guşlar saýrap, diňmesin,
ygşyldasyn baglaryň
ýapraklary, solmajak,
ýa saz döret owadan,
tansyny et ýanyndan,
ýöne gelse bolmajak,
ýa-da bolan boljagy,
alsa basyp dünýäni,
hapalatma özüňi,
hapalatma goşgyňy,
suratyňy, çekmedik,
döretmedik sazlaryň,
ýa etmedik tansyňy
zaýalatma kesekä,
ýat, bigänä özünden,
sen goşgy ýaz, seredip,
galar ýaly özüň geň.