Sen we duşman
Seret siňe duşmanyňa uzakdan,
ýa ýakyndan, özüň görersiň onda,
ýa ýakynlyk uzaklykdan, diýýärler,
belki, tapawutdan meňzeşligiň kän,
belki, olam seniň ýaly köp okan,
ýa-da okap, düşünmedik boş dükan,
şondan saňa duşman ýaly garaýar,
gürrüň edýär, gybat edýär gün yrman,
a beýleki, dost diýýäniň, dostuň däl,
onuň gep-gürrüňin ýetirýän durman,
saňa duşman, dost däl özüne hatda,
seret sen olara, görseň özüňi,
ýa ýatladýan gylyklaryn birini,
inkär etme, bakyp bilmän gönümel,
ýok, ol başga, eýle, beýle diýme-de,
gybatyny edip oturan wagtyň,
ol gün geler, çakan ýaly ýyldyrym,
düşünersiň olam bagtyň aşygy,
senem bagtyň gözleginde, sergezdan,
olam ogry, senem ogry azajyk,
el ýetmese, dil uzadyp almakçy,
olam bahyl, senem bahyl azajyk,
hemem bolsa, biraz uzak galmakçy.