Aýallar we durmuş

Aýallar zor, dogurýarlar,
emdirýärler gije ýatman,
ýuwup, ardyp arlygyny,
aşagyny öl etmän hiç,
aglasa bes çagalary,
hyk-çok etse, oýanýarlar,
a soň lenin, stalinler,
irejepbe, putler, ýene
basgylasyn, ezsin näçe,
itsin toplap ýanar oda,
bular, belki, maňlaý diýip,
geçip gitmek boldy kada.

Sen Saparyň türmesinde,
bolşewikden miras alan,
miras alan iň bir göýdük,
iň bir ejiz adamlardan,
gijeleri şöwür çekmän,
düşünmersiň öz iliňe,
hendegine onuň gaçan,
düşünmersiň dünýä, oglan,
aýallar zor, dogurýarlar,
a soň türme, bolsaň doglan,
basar biri-birin millet,
iki şaýy düşse gülüp,
asar mätäç agajyndan,
soň basarlar basanlary,
asanlary asar olar,
eli ýetse, ýüp tapylsa,
kepillik ýok hiç birine,
şonuň üçin gurar gapan,
urar namart çemi gelse,
alla, hudaý, boş erteki,
kömek etmez, garaş baky,
hökümetler çykalga däl,
çukur, belki, nobatdaky.

Aýallar zor, dogurýarlar,
emdirýärler gije ýatman,
emma erkek ýaşap bilmez
biri-birin arzan satman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024