Geçmiş we gelejek
Every saint has a past, and every sinner has a future. Oscar Wilde
Garalamak bir-biregi,
ýok ýerinden, goşup biraz,
ýa-da ýoýup hakykaty,
öz çeniňe, çaka görä,
niýetiňe görä, belki,
bary ýetmän, bolan işi
düzetmekden geçen, beter
bulaşdyryp, öňe däl-de,
yza gaýtmak kadamyka,
ýa ýolmuka miras galan,
ýa-da täze ýodamyka,
gyrasynda gül bitmeýän,
torç edilen, çürtülmekden,
ýa-da indi modamyka
bir-biregi garalamak,
ak görünmek ilden şeýdip,
gelejegi ýokmy iliň,
dikelmezmi eýdip, beýdip?