Açyk hile

Ol eziji, bu eziji,
ozal biziň ýaly biri,
bir eneden dogulypdyr,
bir atanyň ogly bolup,
ýa-da başga ataň ogly,
ýa-da gyzy, parhy näme,
aglapdyr ol biziň ýaly,
ajyganda emme diýip,
belki, gaty bize görä,
talap edip ýa nadara,
açgöz bolup sallançakda,
gundagyna gahar edip,
ýumrujagyn düwüp ýowuz,
ýa bolupdyr aç soňundan,
urulypdyr, ýenjilipdir,
aryn almak ahmyrynda,
gije-gündiz plan düzüp,
ýaranmaly ýerde ýatyp,
gerek bolsa yzdan atyp,
arkasyndan, bilden aşak
urudyr ol urmalyny,
durup ýüze durmalyda,
neden beýle diýseň diýýär:
"Gezek gelse, urmaly-da!”

Ol eziji, bu eziji,
ýüzümizdir biziň, belki?
Polisiýa bolsun ýolda,
prokuror, kazy ýa-da
başga-başga emeldarlar,
garakçylar garap duran,
uly, kiçi, gapan guran,
belki, biziň niýetimiz,
içde ýatan, wagtyna çen,
ýeňsämizdir, görünmeýän,
siňe, siňe seretmeseň,
ýa-da edil beýle dälmi,
biz gury-da, olar ölmi,
onda näme biri gitse,
beýlekisi gelýär, beter,
ýa-da getirýärler heder
edip gowy gelmeginden,
gerekmi pes şeýle ile,
ol eziji, bu has gedem,
bu açykmy, ýapyk hile?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024