Ýazyjy diýilýän

Ýazyjy diýilýän zibil,
hiç özüni sylamaýan,
ýa-da ondan ýokarrakda,
hassa bolsa öňe çykan,
men gürläýin, sen ýazyp al,
bir-birin itip, ýykan,
çukur bolsa, gazyp pilsiz,
galam bilen gömüp üstün,
ýa bolmasa, dili bilen,
at-dereje gerek ýalan,
çyny hyýal, bilýär alan,
döşi orden-medallylar,
durmuş näme, alan-aldy,
özi geler ýaly ilki,
arassalap ýol-ýodany,
giňär ýaly jaýy, belki,
ýok etmeli düşünýäni,
düşünmeýän galsyn uzak,
halypa diýilýän duzak,
hassa bolsa ak girenler,
eli degmän işine hiç,
okamaga iň bolmanda,
gara gaýgy gara nany,
zibil bolsa şahyrlary,
ýaşan ömrün goranyp täk,
oýnan polsa garyp ili,
millet, näme görýäň entäk?!.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024