Süri derdi
Çarlz Makkeýiň äheňinde
Adam diýlen, aýdylan bet,
köplük bolup pikirlener,
köplük bolup dälirär ol,
hem azaşar dogry ýolda,
biri-birin oýnan bolup,
ýa-da ýeser, çyndan aldap,
uzak güljek bolup soňra,
akyllydyr, edenlidir,
hemem halal, haramy däl,
has aňyrrak gidenler dek,
ýöne pahyr, akylyna
aýlananda galar ýalňyz,
ýekelikde geçip ýolun,
assa, ýuwaş, sürüden daş,
adam diýlen, aýdylan bet,
ýalňyş ýolda bolar ýoldaş.