Pidalar ýurdy
O birleri garyplygyň pidasy,
bu birleri baýlygynyň pidasy,
o birleri aralykda oýnaýar,
garny doýsa, ajy dürtüp, goýmaýar,
atyň bolsa, sür üstüne pyýadaň,
şo bir ýolda kirşen bolup galmajak,
pikirini edýär başgarak ýodaň,
a döwlet elinde bidöwlet äriň,
islän wagty kanun edip bikanun
işlerini dakýar boýnuna halkyň,
alym, şahyr, çöregine daňylan,
sypap ýatýar ýüpün, düýşünde galkyp.