Seniň meseläň

Çyzygy daraldar çyzyk çekenler,
gaty giden gaty gitme, dur diýer,
öte geçen ur diýenim ur diýer,
öldür diýer öldürmeli diýenim,
saklar olar ili, aýak bitmedik
çaga ýaly, bolsa ýörjen-ýörjende,
gülen bolup ýykylanda, galanda,
parhy bolmaz, hala ýaşa Tejende,
hala-da git, çyk dünýäniň soňuna,
galybyna saljak tapylar, bolar,
kerpiç etjek köp bor saljak jaýyna,
haýatyna suwag etjek bolmanda,
nämemiş, beýigin isleýär olar,
sen kerpiçmi, laýmy, ýa-da jaý salyp,
ýaşajakmy özüň, iki gün gelýäň,
bu seniň meseläň, olaryňky däl,
çöz ýa çözme, özüň bilýäň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024