Howply mähelle

Never underestimate the power of stupid people in a large group. George Carlin

Däli öküz seni şaha mündürip,
gazap bilen ýere urjak bolýarka,
ýapyşýarkaň elde-aýak agzyndan,
burnundan aýyrman iki eliňi,
aýaklaryň bilen gujaklap howa,
tomaşaçy millet sereder, güler,
garaşar soňuna, akyl satjakdyr,
diýen bolup: “Walla, diýmedikmi biz!”
Bu belli, köplüge tomaşa gerek,
bolan bolup ýere degmedik ýany,
gülen bolmak gerek, özüni aldap,
köp boldukça gowy ýüreksiz sany.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024