Adam we nadan
Dinmi ýa-da düýp zerurlyk,
ýa gadymdan galan kada,
ant içilmez dile çolap,
ýürekde ýok taňryň adyn,
goý, ol dursun öz ornunda,
mukaddeslik bolup baky,
bize çenli düşmän aşak,
sylamaly eneň, ataň,
hem adama el galdyrman,
talamak däl gije, gündiz,
göz gyzdyrman il malyna,
dil uzatman namysyna,
heläk etmän adam oglun,
guly bolman gara nebsiň,
şaýat bolman ýalan-ýaşryk,
özüň ýaly sylap ili,
ötüp bilseň, borsuň adam,
ýogsa, seret, görünip dur,
nirä çenli düşýär nadan.