Kyýamat
Olaryň islegi biri-birini
galdyrmak däl, aşak basmak, başarsa,
dogan-doganyna işden aýrylsa,
diýýär: Hanha, depipdirler syrtyna,
tanaýany, tanamaýan kemsitjek,
elden gelse, dilden gelse, aýamaz,
garyp etjek, pakyr etjek bir-birin,
bolsa, ilki, walla, okuwdan kowjak,
a soň kowjak, işin bilse, işinden,
bilmeýänler bilen äbede-jüýbe,
ikiýüzli bolsa, sylarlar mydam,
“boýun alma” diýip, üsti açylsa,
dogry sözli bolsa, har etjek itden,
gowulygy bolsa, eger ölmese,
dirilikde düýpden ykrar etjek däl,
ýa görjek däl eden birje işini,
hem gygyrjak, ses beripdir ýaradan,
kim men, näme, näme etdim diýjek däl,
ilçilikdir, agsak, towsaksyz bolmaz,
bularyň barysy owarram diýseň,
öňe çykan agzyn açsa, başgany
eýdip, beýdip gömjek bolar öňürti,
özünden öň adyn, tanalan bolsa,
gömdürmese, eşitjegi hüňürdi.