Köne dünýä

Omar Haýýamyň äheňinde

Belet dünýä, onda ogry ogrynyň
arkasyna hopba bolup oturan,
a akylly asgyn geler akmakdan,
jedel etse, Aýy, Güni batyran,
bigaýratlar badyn alar gaýratyň,
binamyslar namyslyny utandyr,
parhy galmaz ilde eşegiň, atyň,
bagtyň bolsa jinnek ýaly, gaýgynyň
ummanynda gark ederler, bilseler,
guwanma sen, ýykylaňda gaçanlar,
dikeleňde gül-çemenli gelseler.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024