Uly oýnatgy
Sakladany saklarsyň sen,
öz deňiňde, özüňden pes,
baş egdirip, sandyradyp,
ýok güýjüňe edip höwes,
hudaý bolup öz ýanyňdan,
öz ýanyňdan iň edenli,
hem züwwetdin, bilýär hemme,
saklatmadyk saklatdyrmaz,
aglar çaga diýip emme,
aglamasa, doga laldyr,
goý, sakladan saklatdyrsyn,
özi bilsin aç oturan,
ömür geçer, durmuş durmaz,
durmaz şalar, gedalar-da,
urmadygy hudaý urmaz,
däli etmez seniň ýaly,
gülünenin bilmeýän hiç,
düşünmejek aglanlara,
ýüpüň ujun berdiň birçak,
oýnap, göwnün çaglanlara.