Sahna sähneligi
All the world's a stage. William Shakespeare
Bu durmuş şeýle-de oýun,
maýmyn edýär adamlary,
ýa it edýär, parhy näme,
guýruk bulap gün görmeli,
adam diýip, itden pese,
towsup turup her bir sese,
kim gygyrsa saýyp beýik,
garyp bolsaň, çölde keýik,
aw bolarsyň aja bir gün,
sagyň türme, soluň sürgün,
sahna, belki, bezelmedik,
roly bar her kimiň öz,
bir, birnäçe, ýa-da artyk,
gelmeli öz gezegiňde,
syrylanda tuty, perde,
soň gitmeli, ylalaşýan,
çydap bilmän agyr derde,
ýöne nämä gerek ýortup,
ýene, ýene gurmak sahna,
dargan ili edip sähne,
toplap arzan sakgallyny,
ýa tahýaly juwanlary,
öňi bagly, aňy bagly,
bizar, belki, watanyndan,
bolubilse tansyň ogly.