Ýoldaky tanyşlyk
Ýüreginde näme baryn bilmersiň,
ýakyn duran, daş duranyň parhy ýok,
eger päli erbet bolsa ýoldaşyň,
ir bolmasa, biraz giçlik bildirer,
düşünersiň kimler bilen nirede,
haýsy ýoldan barýanyňa, aljyrap,
badyňy gaçyrma, seret yzyna,
sabyrly bol, aýagyňa kakanlar,
durmuş goýmaz, çöker ahyr dyzyna.