Ogry hökümet
Hökümet näme üçin adamy alyp,
çagalykdan agaç galyba salyp,
kerpiç guýan ýaly gowy palçykdan,
garşy goýýar öz-özüne, iline,
gypjyn-gypjyn edip, açmaga derek,
zehinini ýapdyrýar ol adama,
okalmadyk kitap ýaly, sebäbi,
garaňkylyk onuň dogulan ýeri,
terror döwletiniň terror zürýady,
bilýär galan ýerin, gaýraty alnyp,
gara gaýgy geçen güni, geljegi,
şu güni ýok, ogurlanan ir ertir,
gaýgy edip düşeginden turanda,
ol milleti etmeýär hiç alada,
özi gaýgy, çünki ogurlap ili,
yzyna bermezlik agyr jenaýat,
düşünýär ol näme etdi, etmeli,
yza ýol ýok, şeýle geldi, gitmeli.