Surat

Uruş däl uruş

Seni bomba bilen, öýüň ýumuryp,
ýok, keýpine öldürmeýär öldürýän,
öz ýurduny goraýarmyş, alaçsyz,
top atyp dyngysyz, gije we gündiz,
gideren ýerlerin alýarmyş yza,
dälmişin ol çozup gelen ýaragly,
ýa öl, ýa-da baky çök diýip dyza,
azmyşyn öň çökereni, gyrany,
derýa aşyp, dag, düz aşyp, durany
garşysynda hatda eli ýaragsyz,
çaga, çuga, aýal-ebtat, gul-gyrnak,
näme etse, edenmişin bialaç,
gowumyş ol, goňşy erbet duşupdyr,
goňşynyň goňşusy erbetmiş ýene,
düşünmänmiş, islänmişin artykmaç,
goşgularyn ýat tutsa-da, Puşkine.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024