Gardaşlyk hekaýasy
Bize, Groznydan gutuldyk diýsek,
ikinji ýagmaçy, garaşyp duran,
amatyna garap geldi, doganmyş,
eli ýeten ýerin goparyp alyp,
güler ýüzli, dili süýji, ýardamçy,
garyba däl, baýa, şärigi bolsa,
gitdi bizi çuňňur çukura salyp.
Ozal diňe özümizdir öýderdik,
awy bolan ýalançynyň, hyrsyzyň,
ýer ýykyldy, açdy aýybyn açyk,
öz ili-de ýesir eken, gul eken,
doýmaz-dolmaz begleriniň elinde,
alla diýip, hudaý diýip çapanlar,
gazanç etdi ölüminden iliniň,
Hydyra däl, hyrsa serpaý ýapanlar.